Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gorbaçew Orsýet bilen Günbatar arasynda täze Sowuk urşy duýdurýar


 Mihail Gorbaçýew
Mihail Gorbaçýew

Sowet Soýuzynyň iň soňky lideri Mihail Gorbaçýew öňden gelýän iki garşydaşyň Sowuk urşuň täzelenen görnüşine tarap süýşüp barýandygyny aýdyp, Günbatary Orsýet bilen aradaky “ynamy dikeltmäge” çagyrdy.

"Bu ýerde Sowuk urşuň ähli görkezijisi bar” diýip, ol 14-nji aprelde Germaniýanyň “Bild” gazetine beren interwýusynda aýtdy.

"Syýasatçylaryň we ýokary derejeli harby işgärleriň dili (ulanýan sözleri) barha kän gowgaçy bolýar. Harby doktrinalar has ýowuzlaşdyrylan görnüşde düzülýär. Köpçülikleýin habar serişdeleri bularyň hemmesini garbap alýar we oduň üstüne ýag sepýär. Iki uly döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagy dowam edýär” diýip, Gorbaçew aýtdy.

Şeýle-de ol Orsýet bilen Günbataryň arasyndaky täze ýaraglanyşyk ýaryşynyň eýýäm başlanjak-başlanjagyň üstündedigini aýtdy.

“Bu tasdan gutulgysyz. Käbir ýerlerde eýýäm doly güýjüne girdi. Goşunlar, şol sanda tanklar, bronly maşynlar ýaly agyr enjamlar Ýewropanyň içine süýşürilýär. Ýaňy-ýakynlarda hem NATO we rus goşunlary bir-birinden esli daşlykda ýerleşýärdi. Indi olar burun-burna degrip diýen ýaly dur.”

Gorbaçew täze Sowuk urşuň, eger-de iki tarap hem onuň öňüni almak üçin hiç zat etmese, gyzgyn urşa öwrüljekdigini aýtdy. Eger-de gatnaşyklaryň häzirki ýaramazlaşmasy dowam etse, “hemme zadyň bolmagy mümkin” diýip, ol aýtdy.

Gorbaçew Günbataryň Orsýeti ykdysady sanksiýalar bilen üýtgetmäge mejbur etjek bolmazlygy barada duýduryş berdi. Ol sanksiýalaryň diňe jemgyýetde Günbatara garşypikirleri möwjetjekdigini we Kreml üçin goldawy güýçlendirjekdigini aýtdy.

“Bu meselede boş umyda berilmäň! Biz zerur bolan ählipidakärlige taýýar adamlar” diýip, ol Ikinji Jahan urşunda 30 milliona golaý sowet esgeriniň we graždan adamynyň ölendigini ýatlatdy.

Muňa derek, Gorbaçewiň pikirine görä, Orsýet we Günbatar aradaky ynamy, hormaty, bilelikde işlemek islegini dikeltmegiň ýoluny agtarmaly. Ol iki tarapyň hem ýagşy niýeti özleriniň ýönekeý raýatlarynyň arasynda bir-birek babatynda saklanyp galan ýagşylyk howdanyndan susup biljekdigini belledi.

Orseýet we Germaniýa barada aýdylanda, olar “gatnaşyklary gaýtadan gurmaly, özara hyzmatdaşlygy berkitmeli we ösdürmeli hem-de ýene-de bir-birege ynanmagyň çäresini tapmaly” diýip, ol aýtdy.

Ýeten zyýany düzetmek, gaýtadan düşünişmegi ýola goýmak üçin Günbatar “Orsýete hormat-sylaga mynasyp döwlet hökmünde çynlakaý garamaly” diýip, Gorbaçew aýtdy.

Orsýeti Günbataryň demokratik ölçeglerine gabat gelmezlikde yzygiderli tankytlamagyň ýerine, Günbatar Orsýetiň “demokratiýa ýodasyna düşendigini boýun almaly, bu ýolortasynyň aralygy, geçiş pursatynda diýlip hasaplanylýan 30 çemesi ýurt bar, biz hem şolaryň biri” diýip, ol aýtdy.

Gorbaçew gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagyny Günbataryň Orsýete bolan hormat-sylagyny ýitirmegi we 1990-njy ýyllarda Sowet Soýuzy darganyndan soň onuň gowuşgynsyzlygyny ulanmagy bilen baglanyşdyrýar.

Bu ýagdaý Günbataryň, hususan-da Birleşen Ştatlaryň Sowuk urşuň ahyrynda Orsýete NATO güýçleri “Gündogara tarap mundan aňryk bir santimetr hem süýşmez” diýip beren wadasyny bozmagyna getirdi diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG