Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň oppozisiýasy referendumy güýçsüz hasaplatmaga çalyşýar


Referendumda "Ýok" diýip ses bermegiň tarapdarlary Stambulyň Beşiktaş etrapçasynda protest geçirýärler. 17-nji aprel, 2017 ý.

Türkiýäniň esasy oppozision partiýasy prezident Rejep Taýýyp Erdoganyň ygtyýarlyklaryny giňeltmek barada geçirilen referendumyň güýçsüz hasap edilmegi barada özüniň iş alyp barjakdygyny aýdýar. Ýurduň premýer-ministri bolsa jedelli ses berilşigiň netijeleriniň hormatlanmagyna çagyrdy.

Respublikan Halk Partiýasynyň aýtmagyna görä, partiýanyň başlygynyň orunbasary Bülent Tezjan bu barada taýýarlanan şikaýatnamany 18-nji aprelde giçlik Türkiýäniň ýokary saýlaw häkimiýetlerine gowşurar.

Oppozision partiýalar we ses berilşige synçylyk eden halkara guramalary 16-nji aprelde geçen referendumda bidüzgünçilikleriň bolandygyny aýdýarlar.

Saýlaw resmileri prezidentiň ygtyýarlyklaryny güýçlendirýän we Erdoganyň 2029-njy ýyla çenli häkimiýet başynda galmagyna ýol açmagy mümkin düzedişleriň 51.4 % ses bilen köpçülikleýin oňlanandygyny aýdýarlar

Erdogany tankytlaýanlar hem reformalar gitdigiçe awtokratiýa ýykgyn edýän bir adamy giň gerimli ygtyýarlyklar bilen üpjün eder, onsoň demokratik deňagramlylyga köp orun galmaz diýip gorky edýärler.

Premýer-ministr Binali Ýyldyrym 18-nji aprelde häkimiýet başyndaky AK partiýanyň kanun çykaryjylarynyň öňünde eden çykyşnda: “Adamlaryň islegi saýlaw gutularynda şöhlelendirildi, çekişme tamamlandy” diýdi.

Ol soňra hem: “Netijeleri hemmeler hormatlamaly, aýratyn-da, esasy oppozisiýa” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

17-nji aprelde Stambulda, şeýle hem Türkiýäniň beýleki şäherlerinde müňlerçe adam köçelere dökülip, referendumyň netijelerine protest bildirdiler.

Protestçiler referendumda ses berlişik tertibine soňky salymda girizilen üýtgetmelere we saýlaw häkimiýetleriniň bir milliondan gowrak resmi möhüri bolmadyk saýlaw býulletenlerini kanuny diýip yglan etmegine gahar-gazap bildirdiler.

Türkiýäniň adwokatlar bileleşiginiň aýtmagyna görä, Ýokary saýlaw komissiýasynyň möhürsiz býulletenlere ýol bermegi kanuna ters, onuň saýlawyň netijelerine täsir eden bolmagy mümkin.

Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, şeýle hem Ýewropa Geňeşiniň parlament ýygnagynyň synçylary hem hakyky demokratik referendum üçin kanuny şertler ýeterlik däldi diýýärler.

17-nji aprelde amerikan prezident Donald Tramp Erdogana jaň edip, ony “referendumda gazanan ýeňşi bilen gutlady”, şeýle hem Erdogan bilen Siriýadaky ýagdaý hakda pikir alyşdy.

Bu aralykda Birleşen Ştatlaryň döwlet departamenti synçylaryň aladalaryna salgylanyp, Türkiýäni dürli garaýyşlary hormatlap, oppozision partiýalar bilen “manyly syýasy dialogy saklamaga” çagyrdy.

Erdogan Türkiýe “syýasy matlaply hasabatlaryny ne görýär, ne eşidýär, ne-de kabul edýär” diýip, halkara synçylarynyň tankytlaryny ret etdi.

Ol 17-nji aprelde Ankarada eden çykyşynda, öz tarapdarlaryna ýüzlenip, Türkiýe özüniň Ýewropa Bileleşigine agzalyk üçin beren we uzak wagtlap netijesiz galan haýyşnamasy hakda referendum geçirmeli diýdi.

Ak tamyň çykaran beýanatynda aýdylmagyna görä, Tramp bilen Erdoganyň arasynda geçen telefon gepleşiginde iki prezident Birleşen Ştatlaryň 7-nji aprelde Siriýanyň howa bazasyna uran raketa zarbasy barada piki alşypdyrlar. Amerika bu zarbany prezident Başar al-Assadyň güýçleriniň gozgalaňçylaryň kontrollygyndaky şähere himiki ýaraglar bilen hüjüm edenligi üçin urandygyny aýdýar.

Beýanatda iki prezidentiň Assadyň “jogapkärçilige çekilmeginiň möhümdigi hakda ylalaşandygy” aýdylýar.

Olar şeýle hem NATO agza Türkiýäniň goňşulary bolan Siriýanyň we Yragyň bir bölegine kontrollyk edýän ekstremistik topar “Yslam döwletine” garşy alnyp barylýan kampaniýa hakda hem pikir alşypdyrlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG