Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan kitaplaryň rugsatsyz ýurda giriş-çykyşyny gadagan edýär


Illýustrasiýa.
Illýustrasiýa.

Täjigistana uçan wagtyňyz ýanyňyza aljak kitabyňyz, aýratynam, şol kitap kesgitlenen ýerli elipbiýe mahsus bolmasa, onda bu barada iki gezek oýlanmaly bolarsyňyz.

Ýaňy-ýakynda Täjigistanyň Medeniýet ministrligi ýazmaça rugsatnama almazdan, kitaplaryň ýurda getirilmegine ýa-da ýurduň daşyna çykarylmagyna rugsat berilmeýändigini yglan etdi. Ministrlik bu çäräni ýurduň gymmatly golýazmalarynyň gizlin ýollar arkaly daşary ýurtlara çykarylmagynyň öňüni almak üçin edilýän tagallanyň bir bölegi diýip düşündirdi.

“Kitap sanyna seretmezden, Medeniýet ministrliginiň rugsady talap edilýär” diýip, ministrligiň medeni mirasy gorap saklamak bölüminiň müdiri Şerali Hojaýew Azatlyk Radiosynyň Täjik bölümine gürrüň berdi. Ol bu talabyň kitaplaryň haýsy dilde ýa-da haýsy elipbiýde ýazylandygyna seretmezden, ähli ýurtlardan gelýän ýa-da gidýän myhmanlara degişlidigini aýtdy.

Emma ýokarda aýdylanlara garamazdan, käbirler adamlaryň bu hereketiň aşa dinçi materiallaryň ýaýramagyna garşy edilýändigi we arap-pars dillerinde ýazylan kitaplaryň aýratyn barlag astyna alynjakdygyna sebäp bolup biljekdigi barada pikir etmegine getirdi.

Täjigistanyň paýtagty Duşenbede ýerleşýän sosial meseleleri boýunça ekspert Saidi Ýusufiniň aýtmagyna görä, täjik hökümeti ekstremist eserleriň ýurda girizilmegine garşy düýpli aladalanma bildirýär.

“Gümrük işgärleriniň köpüsi arap-pars elipbiýsinde ýazylan kitaplary okap bilmeýärler. Şol sebäpli olar arap-pars elipbiýsinde ýazylan her bir kitaba şübheli göz bilen seredip bilerler. Käbir wakalarda bolsa, gümrük işgärleri düýbünden “zyýansyz” kitaplary ele geçiripdirler” diýip, Ýusufi aýtdy.

Täjigistanyň Döwlet Gümrük Gullugy ýakynda orta asyrlaryň meşhur pars şahyry Saady Şiraziniň “Bostan” atly eseriniň bir nusgasyny, daşary ýurda syýahata gidip barýan kimdigi näbelli täjik raýatyndan ele geçirendiklerini tassykladylar.

Gümrük edarasy mart aýynda, bu kitabyň we ýanyndaky başga üç kitap bilen bilelikde konfiskasiýa edilendigini aýdýar. Olaryň arasynda düýşleriň ýorumy hakynda we jadygöýlük hakynda kitaplar hem bardy. Dört kitabyň hemmesi arap hatynda ýazylypdy.

Medeniýet Ministrligiň soňky bildirişine garamazdan, Duşanbe aeroportyndaky syýahatçylar öz goşlarynda kitap bolandygyna seretmezden, goşmaça barlaga sezewar edilmedigini aýtdylar.

Derňeýji enjamlar Duşanbe aeroportynyň hem gidiş zallaryna, hem-de kabul ediş zallaryna oturdyldy. Işgärler el goşlaryny hem-de esasy bagažlaryny hem derňeýär. Käbir ýolagçylaryň aýtmagyna görä, gümrük işgärleri sumkalaryň ýa-da çemodanlaryň duş gelenini aýratyn barlaga alýarlar.

Hojaýew kitaby daşary ýurda çykarmak üçin ýazmaça rugsat almak prosesiniň gysgaça düzgünini gürrüň berdi. Siziň “kitaplaryň adyny, dillerini, çap edilen ýerini, ýazyjynyň adyny hem-de gelip çykan ýerini ýa-da gitjek ýerini” ýazmak ýeterlik.

Gelýän ýolagçylaryň kitaplary, aeroportlarda ýa-da beýleki gümrük nokatlarynda ellerinden alynýar. Soňra olara ýokardaky ýaly ýazylan hat bilen ministrlige özleriniň konfiskasiýa edilen kitaplaryny yza almak üçin, ýüz tutmalydyklary aýdýarlar. Eger-de resmiler ol materiallara rugsat beren ýagdaýynda, olar öz kitaplaryny yzyna alyp bilýärler.

Täjigistanyň döwlet Din işleri komiteti we içeri işler ministrligi gadagan edilen kitaplaryň gara sanawyny taýýarladylar. Olaryň köpüsini dini esasly kitaplar düzýär. Ýöne olaryň arasynda jadygöýlük hakynda kitaplar hem bar.

2015-nji ýylda ýurt sanawy täzelendi. Yslamyň fundamentalist Selefi şahasyny goldaýandygy aýdylýan 13 kitap olaryň arasyna goşuldy.

Täjigistanyň Ýokary sudy ýurduň howpsuzlygyna we durnuklylygyna zyýan berýändigi hasap edilýän selefizmi 2009-njy ýylda gadagan etdi.

Gurhan we namaz kitapjyklary ýaly beýleki yslamy kitaplary ýurtdaky kitap dükanlarynda arkaýyn tapsa bolýar.

Aglabasy musulmanlardan ybarat bolan Merkezi Aziýanyň dünýewi hökümeti mekdeplerde hijap geýmegi gadagan etmek we erkekleriň uzyn sakgal goýbermeginden howatyrlanmak ýaly ýollar bilen öz raýatlarynyň dine nähili amal etmekleri barasynda berk çemeleşýär.

Täjigistan hökümeti daşary ýurtlaryň dini mekdeplerinde okaýan täjik talyplarynyň ýurduň howpsuzlygyna zeper ýetirýändiklerini öňe sürüp, olardan ýurda dolanmaklaryny talap etdi.

Täjigistan 1999-njy ýylda Yslam partiýany ykrar eden ozalky sowet ýurtlarynyň arasynda ilkinji döwlet bolup durýar. Ýöne Täjigistanda Yslam Galkynyş Partiýasy Ýokary sud tarapyndan 2015-nji ýylda gadagan edildi hem-de ;terrorist topar’ diýlen tagma basyldy.

XS
SM
MD
LG