Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedowyň kitaplary gazak okyjylaryny 'begendirýär'


Astana, Gazagystanyň Milli muzeýinde Berdimuhamedowyň gazak diline terjime edilen kitaplarynyň tanyşdyrylyşy boldy.

Çarşenbe güni gazak okyjylaryAstana iki günlük sapara gelen türkmen prezidentiniň birbada üç kitabyny öz dillerinde okamak mümkinçiligine eýe boldylar.

TDH gazagystanly okyjylara türkmen lideriniň “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” hem-de “Gadamy batly bedew” atly kitaplarynyň hödürlendigini habar berýär.

Gazagystanyň Milli muzeýinde, awtoryň gatnaşmagynda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazak diline terjime edilen kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasyna Gazagystanyň medeniýet we ylym ulgamynyň wekilleri, muzeý işgärleri, ýazyjylar, žurnalistler, jemgyýetçilik işgärleri... gatnaşdylar.

“Kazinform” halkara habar gullugynyň maglumatyna görä, türkmen lideriniň kitaplary gazak diline Gazagystanyň Milli olimpia komitetiniň prezidenti Timur Kulibaewiň inisiatiwasy esasynda terjime edildi.

Azatlyk radiosynyň Gazak gullugynyň işgärleri Kulibaýewiň gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň giýewisidigini aýdýarlar.

Prezident Berdimuhamedow özüniň gazak dilinde çykan kitaplarynyň ilkinji nusgalaryny, ýadygärlik ýazgysyny ýazyp, gazak kärdeşi Nazarbaýewe niýetledi diýip, habarda aýdylýar.

Berdimuhamedowyň bu kitaplary ozal Aşgabatda, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan türkmen we rus dillerinde çap edilipdi, emma olaryň näçe nusgalykda çykarylandygy aýdylmandy.

Gazak mediasy türkmen prezidentiniň hersi 1000 nusgalykda çykan kitaplarynyň ýurduň regionlaryndaky kitaphana fondlaryna, şeýle-de okuw jaýlaryna beriljekdigini habar berýär.

Berdimuhamedow öz çykyşynda “Türkmenistanda behişdi bedewleriň halk tarapyndan neneňsi uly mähir bilen gurşalyp alnandygyny gürrüň berip”, gazagystanlylary aprel aýynyň aýagynda Türkmen atynyň döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylygyna çagyrdy.

Şeýle-de türkmen prezidenti, “Kazinformyň” maglumatyna görä, türkmen ýaşlarynyň uly toparynyň gazak ÝOJ-larynda bilim alýandygyny aýdyp, gazak studentlerini Türkmenistanda bilim almaga çagyrdy.

Prezident Berdimuhamedowyň gazakça çykan kitaplaryndan öň soňky we 2017-njiýylda ilkinji ýazan kitaby- "Mertler Watany beýgeldýär" şu ýylyň fewralynda okyjylara gowuşdy. Prezident bu kitabynyň ilkinji nusgalaryny ýurduň güýç gulluklarynyň wekillerine sowgat berdi.

Geçen ýyl Berdimuhamedowýedi sany täze kitap ýazdy we olar esasan üç dilde – türkmen, rus we iňlis dillerinde okyjylara hödürlendi. Türkmen metbugaty ýazyjy prezidentiň eserleriniň okyjylar, jemgyýetçilik tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylanýandygyny, resmileriň olary maňlaýa sylyp kabul edilýändigini habar berýär.

Umuman, Gurbanguly Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň aýagynda, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow ýogalandan soň häkimiýet başyna gelip, 40 çemesi kitabyň awtory boldy.

Bellemeli ýeri, öňki prezident Nyýazow hem kitap ýazardy we “şa şahyr” diýip taryplanardy, onuň “Ruhnamasy” kyrk çemesi dile terjime dilip, “mukaddes” diýlen eseriň bir nusgasy kosmosa hem iberilipdi.

Nyýazow bu kitaby üç gezek okanyň göni jennete düşjekdigini aýdypdy. Emma indi türkmen okyjylarynyň öňki prezidentiň eserlerinden sowaşýandygy, onuň kitaplarynyň ornuny Berdimuhamedowyň eserleriniň barha kän eýeleýändigi aýdylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG