Sepleriň elýeterliligi

Pariždäki hüjümde bir polisiýa wekili wepat boldy, ikisi ýaralandy


Parižiň Ýeliseý meýdanlary (Champs-Elysees), 20-nji aprel, 2017.

Parižiň Ýeliseý meýdanlary (Champs-Elysees) köçesinde 20-nji aprelde bir ýaragly adam tarapyndan amala aşyrylan we “Yslam döwleti” (YD) atly ekstremist topary tarapyndan öz üstüne alnan hüjüm zerarly bir polisiýa ofiseri öldürildi we ikisi ýaralandy.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Hollande “terrorçy” hadysany ýazgardy we 23-nji aprelde geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna “ýokary derejeli hüşgärligi” yglan etdi.

Dalaşgärleriň ençemesi öz saýlaw kampaniýasyny ýatyrdylar we biri saýlawlaryň yza tesdirilmegine çagyrdy.

Fransiýanyň polisiýasy hüjüm edende polisiýa tarapyndan atylyp öldürilen hüjümçiniň ýaranlarynyň bolup-bolmazlygyny anyklamaga synanyşýandygyny mälim etdi.

Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Pierre-Henry Brandet Parižiň syýahatçylaryň köp bolýan ýeri bolan meşhur köçesinde hüjüm eden adamyň öldürlendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG