Sepleriň elýeterliligi

Tramp Eýrany ýadro ylalaşygynyň “ruhuna laýyk bolmazlykda” aýyplady


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýrany dünýäniň täsirli ýurtlary we Birleşen Ştatlar bilen baglaşylan ýadro ylalaşygynyň “ruhuna laýyk bolmazlykda” aýyplady we onuň tiz wagtda jogap bermeli boljagyny aýtdy.

Tramp 20-nji aprelde Ak Tamda Italiýanyň premýer-ministri Paolo Gentiloni bilen geçirilen metbugat konferensiýasynda öz tankydyny ýene gaýtalap, “bu aýylganç ylalaşyk ... men hiç wagtda şeýle bir ýaramaz ylalaşylyşyny görmändim” diýdi.

Trampyň eden bu çykyşy 2015-nji ýylda Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça halkara ylalaşygy barada ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileri tarapyndan edilen tankytlaryň we olara Tähran tarapyndan berlen jogaplaryň üstüne goşant boldy.

Bir gün öň ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson ylalaşykda Eýrany ýadro ýaragyny öndürmekden saklamak boýunça göz öňünde goýlan maksatlaryň başa barmandygyny, Tähranyň programmasyny diňe yza tesdirendigini belledi.

Emma Tillerson 19-njy aprelde eden bu tankydyna garamazdan, Eýranyň ylalaşykda göz öňünde tutulan borjuny öz tarapyndan ýerine ýetirendigini tassyklady we ABŞ-nyň sanksiýalarynyň gowşadylmagy oňlady.

XS
SM
MD
LG