Sepleriň elýeterliligi

Sankt Peterburg: 3-nji aprel partlamasynda wepat bolanlaryň sany 16 adama ýetdi


3-nji aprelde metroda bolan bomba partlamasy, Sankt Peterburg, 3-nji aprel, 2017.

Orsýetiň häkimiýetleri Sankt Peterburgyň metrosynda 3-nji aprelde bolan bomba partlamasynda ýaralanan zenanyň wepat bolandygyny habar berip, pidalaryň jemi sanynyň 16 adama ýetendigini aýtdylar.

Sankt Peterburg şäheriniň häkiminiň orunbasary Anna Mitýanina partlamada ýaralanan zenanyň keselhanada aradan çykandygyny 21-nji aprelde Twitter ulgamy arkaly habar berdi, emma onuň adyny agzamady.

Mitýanina Orsýetde 2013-nji ýyldan bäri bolan iň heläkçilikli hüjümde ýaralanan 24 adamyň keselhanada galýandygyny aýtdy.

Derňewçiler hüjümi pidalaryň arasynda tapylan Gyrgyzystanda doglan 22 ýaşly orsýet raýaty Akbarjon Jalilowyň amala aşyrandygyny aýdýarlar.

Orsýetiň häkimiýetleri hüjümiň amala aşyrylmagyna gatnaşygy bolmakda güman edilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 10 raýatyny tussag etdiler.

Orsýetiň Federal derňew gullugynyň (FSB) ýolbaşçysy Aleksandr Bortnikow resmileriň hüjümi amala aşyrmak tabşyrygyny kimiň berendigini “umuman anyklandygyny” 20-nji aprelde aýtdy.

3-nji aprelde bolan bombaly hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG