Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat aeroportynda ýolagçylaryň şahsy gyzylyna çäklendirme goýulýar


Aşgabadyň halkara aeroportynyň öňünde duran esgerler
Aşgabadyň halkara aeroportynyň öňünde duran esgerler

Aşgabadyň aeroportynda daşary ýurda gidip barýan ýolagçylaryň şahsy gyzyl şaý-seplerine gümrükde çäklendirmeler goýulýandygy habar berilýär. Muny soňky günlerde Türkmenistandan Stambula uçan dürli ýolagçylar hem tassyklaýar.

Birnäçe günlükde Stambula gelen, howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde tutulmazlygyny islän bir türkmen zenanyň Azatlyk Radiosyna beren gürrüňine görä, ol Aşgabadyň aeroportynda gümrükden geçmek islän mahaly türkmen resmileri "Ýüzükleriňi çykar, bilezigiňi çykar, onyň bolanok, munyň bolanok. Daşary ýurda munça gyzyl alyp çykmak bolanok" diýip, onuň dakynan gyzyllarynyň käbirini ýurtdan çykarmagynyň gadagandygyny aýdýarlar.

Aýdylmagyna görä, onuň elinde 4 sany ýüzük bar ekeni. Aşgabadyň aeroportynyň gümrük işgärleri bolsa, oňa diňe 2 gyzyl ýüzügi ýurtdan çykarmaga rugsat berilýändigini nygtaýar. Ol zenan gümrük işgärlerinden ýolagçylaryň şahsy gyzylyna nähili çäklendirmäniň girizilendigini jikme-jik öwrenmek isläp soran mahaly, bir gümrük işgäri "Bir jübüt ýüzükden artykmaç bolanok. Gymmatbaha gyzyllaryň hiç birine rugsat berilmeýär. Ýönekeý gyzyl zynjyr ýa-da bilezik bar bolsa, onda olaryň diňe ikisinden birini geçirmek bolýar. Gulakhalka hem ýönekeý bolmasa, oňa-da gadaganlyk bar. Ugradýan biri bar bolsa şoňa ber "artykmaç" gyzylyňy, bolmasa-da şu ýerde taşlap ötägit" diýip jogap berýär.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan zenan özüne artykmaç diýlen gyzyllaryny aeroportda ugratmaga gelen bir hossaryna berip goýberendigini bildirýär.

Azatlyk Radiosy bilen Stambulyň aeroportynda gürrüňdeş bolan, adynyň efirde agzalmazlygyny soran birnäçe türkmen ýolagçysy hem Aşgabadyň aeroportynda şahsy gyzyl şaý-seplere çäklendirmeleriň goýlandygyny tassyklaýarlar. Olar daşary ýurda yzygiderli gatnaýanlaryň eýýäm bu ýagdaýdan habardar hereket edýändigini, tejribesi bolmaýanlaryň bolsa yzyna iberjek bir tanşy ýa-da hossary bolmansoň mejbury ýagdaýda Aşgabadyň aeroportynda şahsy gyzylyny gümrükde aldyrýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan bir türkmen söwdagäriniň aýtmagyna görä, Türkmenistanda ýola goýlan dollar çäklendirmesi sebäpli käbir adamlar ýörite Stambula banklardan nagt pul çekmäge ýa-da ýany bilen getiren gyzylyny nagt pula öwürmäge gelýärler. Ol hut şeýle sebäpden Aşgabadyň aeroportynda ýolagçylaryň şahsy gyzyl zatlaryna çäklendirme goýlan bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär.

Ýeri gelende bellesek, bu ýagdaý bilen baglanşykly degişli resmilerden haýsam bolsa bir kommentariýa ýa-da maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

XS
SM
MD
LG