Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuzlar çekeleşikli prezident saýlawynyň birinji tapgyrynda ses berýär


11 kandidatyň kampaniýa plakatlarynyň ýanyndan geçip barýan adam, Caestre, 21-nji aprel, 2017
11 kandidatyň kampaniýa plakatlarynyň ýanyndan geçip barýan adam, Caestre, 21-nji aprel, 2017

Fransiýa 23-nji aprelde, güýçlendirilen gorag astynda, prezident saýlawlarynyň ilkinji tapgyrynda ses bermäge başlady. Bu saýlawlar bar bolan geosyýasy ýagdaýlara, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň geljegine we Günbatar bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklara hem uzagyndan uly täsir ýetirer öýdülýär.

Ýerli wagt bilen ir sagat 8:00-da 60 müňden gowrak saýlaw nokady açyldy.

Içeri işler ministrligi 23-nji aprelde, ýerli wagt bilen günortanlar ses berişlige gatnaşyk derejesiniň saýlawçylaryň 28.54 prosentine barabar bolandygyny, munuň 2012-nji ýyldaky saýlaw bilen deňeşdirilende biraz ýokary görkezijidigini aýtdy.

Bu, soňky onýyllyklarda geçirilen pikir soramalar nukdaý nazaryndan, iň bir netijesini çaklap bolmaýan prezident saýlawy bolup, Parižde polisiýa ofiseriniň öldürilmeginiň yz ýanynda geçýär.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremist topary öz üstüne aldy we 11 kandidatyň bäsleşmeginde geçýän kampaniýanyň aýagynda terrorizm we howpsuzlyk meselelerini öň hatara çykardy.

Fransiýa saýlaw gününde, 2015-nji ýylda guralan tapgyrlaýyn hüjümlerde 230-dan gowrak adam öldürilenden soň girizilen adatdan daşary ýagdaýyň saklanyp galýan şertlerinde, ses berijileriň goragyny üpjün etmek üçin ýurt boýunça 50 müň çemesi polisiýa işgärini, 7 müň töweregi esgeri tertip-düzgüne seretmäge çykardy.

Pikir soramalar merkezçi kandidat Emmanuel Makron bilen aşa sagçy öjükdiriji Marine Le Peniň birinji tapgyryň öňüni çekijiler boljagyny aňladýar, ýogsa konserwatiw kandidatFransua Fillon bilen aşa çepçi Žan-Lýuk Melenchonyň hem 7-nji maýdaky iki kandidat bäsleşigine ýetip bilmek mümkinçiligi bar ýaly görünýär.

23-nji aprelde irden, Le Peniň Pariždäki saýlaw nokadynda ses bermäge ugranda, Femen toparynyň alty çemesi çyplak aktiwisti Marine Le Peniň we ABŞ prezidenti Donald Trampyňmaskalaryny geýip, maşyndan böküp çykdylar. Emma polisdiýa derrew olaryň öňüni aldy. Le Pen şondan gysga wagt soň ses berdi.

Makron demirgazyk Fransiýada, kenar ýakasyndakyLe Touquet şäherinde aýaly Brigitte bilen bile ses berdi.

Pariždäki hüjümden soňky ýagdaý

Belli bir karara gelmedik saýlawçylar ses berijileriň tas dörtden bir bölegini düzýär we syýasy analitikler 20-nji aprelde Ýeliseý meýdanlarynda atylyp öldürilen polisiýa ofiseriniň ölümi howpsuzlyk we terrorizm meselelerinde berk görünýän kandidatlara goldaw bolup biler diýýärler.

Le Pen bu hüjümden soň özüni ýurdy yslamçy terrorçylardan gorap biljek ýeke-täk kandidat hökmünde häsiýetlendirmäge başlady. Milli frontuň 48 ýaşly lideri tankytçylar tarapyndan bu hüjümi syýasy utuk gazanmak üçin ulanmak synanyşygynda aýyplandy.

Le Peniň we onuň immigrasiýa we ÝB garşy gazaply pozisiýasynyň ýeňşi Gündogar ýurtlaryndaky izolýasiýaçylyk meýilleriniň möwjemeginiň dowamyny alamatlandyrar. Bu meýiller ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ofise girmegine we Breksit referendumynyň Britaniýanyň ÝB-den çykmagyny goldap ses bermegine ýardam edipdi.

Fransiýa NATO-nyň esasy agzalarynyň biri we ÝB-niň bir bitewi jogap blogynyň, şol sanda 2014-nji ýylda Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegine we gündogar Ukrainadaky ýaragly separatistleri goldamagyna garşy girizilen sanksiýalar babatyndaky agzybirligine esasy daýanç bolup durýar.

Trampyň edişi ýaly, Le Pen hem geçmişde rus prezidenti Wladimir Putiniň tarapyny tutup gürledi we Moskwanyň Ukrainadaky gatyşmalaryna garşy girizilen sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny goldady. Ol geçen aý Moskwada rus prezidenti bilen duşuşandan soň, öz sözleri bilen aýdylsa,ÝB-niň “bürgüt görşüni” tankytlady.

Pikir soramalaryň köpüsi Le Peni birinji tapgyrda Makrondan soň ikinji orunda goýdy, şol bir wagtda ol saýlawlaryň ikinji tapgyrynda ÝB-ä tarapdar ozalky ykdysadyýet ministrinden üstünden çykyp biler öýdülmeýär.

Makron öňe saýlanan dört kandidatyň içinde Russiýa garşy iň berk pozisiýa eýelänleriň biri we ÝB-niň Orsýete garşy sanksiýalaryny goldamak bilen, Kremli öz kampaniýasyny nyşana alan kiber hüjümleri bilen ilteşiklilikde aýyplady. Orsýet özüniňfransuz saýlawlaryna täsir ýetirmäge çalyşýandygy barada aýdylýanlary gaýta-gaýta ret etdi.

Orsýet bilen gatnaşyklary ösdürmäge çagyran ozalky konserwatiw premýer-ministr Fillonyň kampaniýasy, korrupsiýa we garyndaşparazlyk aýyplamalary esasynda, biraz sarsgyn gördi. Emma pikir soramalar onuň we söwda şertnamalaryny bozmagy hem-de NATO-ny terk etmegi ündeýän Melenchonyň bäsleşikde aýagynyň ýer tutýandygyny görkezýär.

Saýlaw kampaniýasy 22-nji aprelde, Fransiýanyň deňiz aňyrsyndaky territoriýalarynda we ABŞ-daky we Kanadadaky raýatlarynyň arasynda birinji tapgyr saýlawyň başlanan wagtynda gutardy. Ýurt içindäki ses berişligiň jemleriniň 23-nji aprelde, agşam sagat 8-lerde belli bolmagyna garaşylýar.

AFP, AP, dpa we “Roýters” habar gulluklarynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG