Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň resmileri Eýranyň sanksiýalardan sowulmagyna degişli bikanun ýollaryň üstüni açýarlar


Eýranda doglan biznesmen Reza Zarrab (ortada), Türkiýe, 17-nji dekabr, 2013.
Eýranda doglan biznesmen Reza Zarrab (ortada), Türkiýe, 17-nji dekabr, 2013.

ABŞ-nyň prokurorlary türkiýeli-eýranly altyn söwdegäriniň Eýranyň ABŞ-nyň sanksiýalaryndan saplanmagy üçin Türkiýede we Eýranda “ýokary derejelerdäki” adamlar bilen bikanun ýollary sazlaşdyrandygyny subut edip bilýändigini aýdýarlar.

Manhattanyň etrap sudunyň 24-nji aprelde geçiren deslapky diňlenişiginde ABŞ-nyň prokurorynyň kömekçisi Dennis Lokardyň aýtmagyna görä, Reza Zarrabyň we onuň egindeşleriniň Eýranyň şol wagtky prezidenti Mahmud Ahmadinejada ýazan hatynda Eýranyň hökümetine we telekeçilerine gadagan edilen onlarça million amerikan dollary möçberinde maliýe operasiýalaryny geçirmegi teklip edendiginiň subutnamasy bar.

Zarrab soň Eýranda we Türkiýede ýokary derejeli hökümet we bank resmileri bilen işleşdi diýip, Lokard belledi.

2016-njy ýylyň mart aýynda tussag edilen 33 ýaşly Zarrab özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG