Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Kanun çykaryjylar Flynnyň Orsýete saparynyň kanuna ters gelýändigini aýdýarlar

Orsýetiň RT telekanalynyň 10-njy ýyl dönümi sebäpli geçirilen dabarada Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) ABŞ-nyň pensiýadaky goşun generaly Maýkl Flynnyň ýanynda otyr (ç), Moskwa, 10-njy dekabr, 2015.

Ak Tamyň milli howpsuzlyk boýunça öňki geňeşçisi Maýkl Flynn 2015-nji ýylda Orsýete eden sapary üçin rugsat almazlygy bilen kanuny bozan bolmagy mümkin, diýip ABŞ-nyň wekiller öýüniň komitetiniň liderleri 25-nji aprelde aýtdylar.

2016-njy ýylda Donld Trampyň prezidentlik kampaniýasynyň baş geňeşçisi bolan pensiýadaky goşun generaly Flynn Orsýetiň RT telewideniýesiniň gurnan dabarasynda nahar başynda prezident Wladimir Putiniň ýanynda oturypdy we onuň Moskwa eden sapary üçin azyndan 33 müň amerikan dollary möçberinde pul tölenipdi.

“Öňki harby ofiser hökmünde siz Orsýetden, Türkiýeden ýa-da başga bir ýerden pul alyp bilmeýärsiňiz” diýip, Gözegçilik boýunça komitetiň başlygy respublikan Jason Çaffetz Waşingtonda žurnalistlere aýtdy.

XS
SM
MD
LG