Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň syýasatynda türkmen atyna ünsüň güýçlenmegine näme sebäp bolýar?


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beghan atly ahal-teke aty bilen Atlaryň halkara sergisinde, 23-nji aprel, 2016.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beghan atly ahal-teke aty bilen Atlaryň halkara sergisinde, 23-nji aprel, 2016.

Bir hepdäniň dowamynda Türkmenistana at kesellerinden erkin zonany döretmek hakynda sertifikat berildi.

Aşgabatda geçirilen Ahal-teke atçylygynyň halkara bileleşiginiň VII maslahatynda, munuň bilen bilelikde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Atçylyk sportunyň halkara federasiýasynyň baýragy gowşuryldy.

Soňky aýyň dowamynda Türkmenistanyň häkimiýetleri atçylyga degişli ýene birnäçe resmi çäresini yglan etdiler. Türkmenistanyň prezidenti ahal-teke atlaryny Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşdurmak üçin UNESCO arza bermegi teklip etdi, şeýle-de arassa ganly ahal-teke atlarynyň katalogyny döretmek barada tabşyryk berdi.

Türkmenistanyň syýasatynda atçylyga bolan ünsüň hasam güýçlenmegine näme sebäp bolýar?

Azatlyk Radiosy bu sowaly ady belli türkmen atşynasy, "Türkmenatlary" döwlet bileleşiginiň öňki ýolbaşçysy Geldi Kärizowa berdi.

Türkmenistanyň syýasatynda türkmen atyna ünsüň güýçlenmegine näme sebäp bolýar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:44 0:00

XS
SM
MD
LG