Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmentelekom” MTS-iň 1,7 million abonentiniň aragatnaşyk hyzmatlaryny kesdi


MTS kompaniýasynyň bildirişi (Illýustrasiýa)
MTS kompaniýasynyň bildirişi (Illýustrasiýa)

29-njy sentýabra geçilýän gije MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky abonentleriniň aragatnaşyk hyzmatlary kesildi. Günüň başynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri “MTS-Türkmenistan” kompaniýasynyň paýtagtdaky müşderileriniň internetiniň öçürilendigini, emma mobil aragatnaşygynyň entek üpjün edilýändigini, welaýatlaryň tas ählisinde diýen ýaly, hem internetiň, hem mobil telefon hyzmatlarynyň kesilendigini habar berdiler. Günüň dowamynda MTS-iň Türkmenistandaky ähli hyzmatlarynyň kesilendigini mälim boldy.

Azatlyk Radiosy düşündiriş almak üçin, Orsýetiň MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky edarasyna we Moskwaky baş edarasyna ýüzlendi. MTS-iň metbugat-wekili Dmitriý Solodownikow kompaniýanyň Türkmenistandaky aragatnaşyk hyzmatlaryny türkmen tarapynyň ýatyrandygyny Azatlyk Radiosyna mälim etdi.

“Türkmenistandaky hyzmatlaryň öçürilmegi “Türkmentelekom” tarapyndan amala aşyryldy. Biziň konstruktiw dialoga eden çagyryşlarymyza garamazdan, ýerli döwlet kärhanalary we döwlet kompaniýalary aragatnaşygy üpjün etmek üçin zerur ýyglyklardan, kärende şertnamalaryndan we beýleki resurslardan peýdalanmak boýunça rugsadyň möhletini uzaltmadylar” diýip, Dmitriý Solodownikow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Şeýle-de, MTS-iň wekili kompaniýanyň öz müşderileriniň aragatnaşyk hyzmatlaryny dikeltmek boýunça “Türkmentelekom” bilen gepleşik alyp barýandygyny belledi.

“Biz meseläniň oňyn çözgüdine we ulgamyň dikeldilmegine umyt edýäris” diýip, Solodownikow aýtdy. Onuň sözüne görä, Orsýetiň MTS kompaniýasynyň Türkmenistanda işlemegine degişli lisenziýanyň möhleti 2018-nji ýylyň 26-njy iýulynda dolýar.

MTS kompaniýasy Türkmenistandaky müşderileriniň sanyny 2017-nji ýylyň 2-nji çärýeginde 1 million 700 müň diýip kesgitledi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri başda MTS-iň diňe internet hyzmatlarynyň ýatyrylandygyny habar berdiler.

“Welaýatlarda, şeýle-de, ähli aragatnaşygy kesdiler, ol ýerde, diňe bir internet däl, eýse häzir jaň hem edip bolmaýar. Irden diňe Ahal welaýatyny çatdylar, ýagny häzir MTS aragatnaşygy diňe Aşgabatda we Ahal welaýatynda bar” diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmesi 29-njy sentýabrda irden habar berdi.

Şeýle-de çeşmämiz “MTS-Türkmenistan” kompaniýasynyň öz müşderilerine ähli hyzmatlaryň 2-nji oktýabrdan başlap ýatyryljagyny we olaryň hasaplarynda galan pul boýunça hasaplaşygyň üpjün ediljegini duýdurandygyny aýtdy.

“Şeýle-de şu gün, MTS-de 2-nji oktýabrdan başlap, ähli hyzmatlaryň öçüriljegini we kimiň hasabynda pul bar bolsa, olar bilen hasaplaşyp başlajagyny aýtdylar, emma tarif planyndan peýdalanan müşderileri babatyndaky karary mälim etmediler” diýip, Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.

Şu aýda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda “MTS-Türkmenistan” kompaniýasynyň Aşgabatdaky baş edarasyndan resmi at ýazgysynyň goparylyp aýrylandygy habar berlipdi. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri munuň aragatnaşyk operatorynyň ýurtda iş alyp barmak boýunça lisenziýasynyň möhletiniň tamamlanmagy bilen baglydygyny aýdýarlar. Emma şonda “MTS-Türkmenistan” kärhanasynyň Aşgabatdaky edarasy bu özgerişlikler bilen baglylykda, maglumat bermekden saklanypdy.

Iýul aýynyň aýagynda Orsýetiň MTS kompaniýasy özüniň Türkmenistanda işlemeginiň şertleri boýunça, türkmen häkimiýetleri bilen gepleşikleriň dowam etdirilýändigi habar berlipdi. Şol pursat, türkmen tarapynyň “Aý Nazar” atly täze mobil aragatnaşyk operatorynyň “MTS-Türkmenistanyň” infrastrukturasyndan peýdalanmagyna rugsat berilmegi baradaky ylalaşygy teklip edýändigi aýdylypdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri MTS-iň ýurtda alyp barýan işine degişli öz planlaryny henize çenli resmi taýdan mälim etmän gelýärler.

Ýatladyp geçsek, MTS kompaniýasynyň Türkmenistanda işlemeginiň bes edilmegine degişli tejribeler öňem bolupdy.

MTS 2010-njy ýylyň dekabrynda, Türkmenistanyň aragatnaşyk bazarynda ilaty mobil hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça 2005-nji ýyldan bäri amala aşyran işini durzupdy. Şol pursat, MTS bilen hyzmatdaşlygyny bes eden Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi öz kararyny MTS bilen şertnamasynyň möhletiniň dolmagy bilen düşündiripdi.

Mundan soň, ýagny 2012-nji ýylyň iýulynda MTS özlerine Türkmenistanda işlemek üçin lisenziýa berlendigini aýtdy. Şonda MTS-iň Türkmenistandaky lisenziýasynyň togtadylmagy bilen bagly iki tarapyň kanuny şikaýatlarynyň hem ýatyrylandygy mälim edilipdi.

XS
SM
MD
LG