Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda welosipediň güni belleniler


Türkmenistanlylar ýörişlerde sürülýän welosipedleriň öz hasabyňa alynmalydygyny aýdýarlar.
Türkmenistanlylar ýörişlerde sürülýän welosipedleriň öz hasabyňa alynmalydygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti 3-nji iýunda ýurtda welosipediň gününi bellemegi tabşyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň 13-nji aprelde Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren bu görkezmesinden bir gün öň, BMG-niň Baş assambleýasy 3-nji iýuny “Bütindünýä welosipediň güni” diýip, yglan edipdi.

Munuň bilen baglylykda, prezident Berdimuhamedow ýörite gutlag bilen çykyş edip, onda BMG-niň Baş assamleýasynda “Bütindünýä welosipediň gününiň” “garaşsyz döwletimiziň başlangyjy” bilen yglan edilendigini öňe sürdi. Berdimuhamedow munuň ýurduň “halkara abraýyny has-da ýokarlandyýandygyny” hem belledi.

Berdimuhamedow 3-nji iýunda belleniljek bu senä taýýarlyk görmegi, ýörite sport çärelerini gurnamagy tabşyrdy.

Ýeri gelende bellesek, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow welosiped sportunyň muşdagy bolup, ol ýurtda dowamly welosiped ýörişlerini hem geçirýär. Türkmen telewideniýesinde onuň ýurduň beýleki resmileri, öz ogly bilen bilelikde welosipedde gezelenç edýändigi baradaky reportažlary hem häli-şindi synlasa bolýar.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan býujet işgärleri we talyplar özlerinden welosipedleri satyn almak üçin ýylyň-ýylyna mejbury ýagdaýda pul toplanýandygyny gürrüň berýärler.

Mysal üçin, Lebapda şu aýyň dowamynda geçirilmeli welosipedli ýörişe sebitiň döwlet edara-kärhanalarynyň her birinden ortaça 3-6 adam gatnaşmaly edilip, olar üçin welosipedleri satyn almak üçin hem döwlet işgärlerinden pul ýygnalyp başlandy.

“Edara işgärleri pul jemlenişmeli we çärä gatnaşjak kärdeşlerine welosiped satyn alyp bermeli edildi. Türkmenistanda welosiped zawody ýok. Bir welosipediň bahasy 3000-4000 manada deň” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi ýygnalýan puluň möçberiniň her edaradan gatnaşýan adamyň sanyna görä üýtgeýändigini aýtdy.

Aýdylmagyna görä, raýatlar işini ýitirmejek bolup, edara ýolbaşçylarynyň soran puluny berýärler.

Mundanam başga, ol işgärleriň münmeli welosipedleriniň hökmany ak reňkde bolmalydygy barada ýörite görkezme berlipdir.

Ýeri gelende ýatlatsak, geçen ýylyň 29-njy iýulynda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50-gün galmagy mynasybetli, Aşgabat şäherinde ähli transport gatnawlary ýatyrlyp, diňe tigirli herekete hem-de döwlete degişli jemgyýetçilik awtoulaglarynyň we döwlet taksileriniň hereketine rugsat berlipdi.

Türkmen mediasynda bu ýörişleriň ilatyň “saglygyny we ruhy deňagramlylygyny” pugtalandyrmak üçin mümkinçilik döredýändigi aýdylyp, dürli reportžlar görkezilýär. Emma ýaşaýjylaryň ençemesi bu çäreleriň mejburylyk esasda amala aşyrylýandygyny, galyberse-de, ýörişlerde sürülýän welosipedleriň hem öz hasabyňa alynmalydygyny, ýöne ony şahsy durmuşyňda ulanmaga rugsat berilmeýändigini belleýärler.

XS
SM
MD
LG