Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýa häkimiýetleri syýasy reformalary geçirmäge söz berýär


Ak Tam Siriýanyň häkimiýetlerini ýurduň günortasyndaky Deraa şäherinde demonstrasiýaçylara garşy zorluk ulanyny üçin ýiti ýazgardy. Soňky günler şol çaknyşyklarda onlarça adam heläk boldy.

Şol wakalardan soň Siriýanyň häkimiýetleri syýasy reformalary geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Prezident Başar al-Assadyň wekili tas 50 ýyl bäri ýurtda dowam edýän adatdan daşary ýagdaý režimini ýatyrmagyň mümkinçiliklerine häkimiýetleriň seredýändigini habar berdi. Demonstrasiýaçylaryň öňe sürýän talaplarynyň biri-de şol režimiň ýatyrylmagydyr.

Mundanam başga häkimiýetler Deraa şäherinde bolan wakalary derňemek boýunça komissiýa döretmäge, korrupsiýa garşy göreş üçin täze çäreleri görmäge hem aýlyklary galdyrmaga söz berdiler.

Oppozisiýa aktiwistleri Internetiň sosial setleri arkaly Juma namazyndan soň ýurduň dürli şäherlerinde täze protest aksiýalaryny geçirmäge çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG