Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemen prezidente garşy protest aksiýalary dowam edýär


Ýurtda adatdan daşary ýagdaý girizilenem bolsa, Ýemen oppozisiýasy şu gün prezident Ali Abdullah Salehiň iş başyndan çekilmegini talap edip, köpçülikleýin aksiýalar geçirýär.

32 ýyl bäri häkimiýet başynda oturan Saleh telewideniýe boýunça çykyş edip, “häkimiýeti parahatçylykly tabşyrmaga taýýardygyny” aýtdy, ýöne bu işiň şertinem, wagtynam agzamady.

Mundan öň Ýemeniň prezidenti 2012-nji ýylyň ýanwarynda gitjekdigini aýdypdy. Oppozisiýa onuň hut häzir häkimiýetden çekilmegini talap edýär.

Saleh, şeýle-de, soňky günler oppozisiýanyň tarapyna geçen harbylaryň günäsini geçdi.

Penşenbe güni ýurduň gündogarynda harbylar bilen prezidente wepaly gwardiýanyň söweşijileriniň arasynda çaknyşyk boldy.
XS
SM
MD
LG