Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda “Hökmany hukuk” temasy boýunça seminar açyldy


Penşenbe güni türkmen paýtagtynda açylan iki günlük seminaryň temasy “Hökmany hukuk” diýlip atlandyrylýar. Ony Türkmenistanyň DIM-i, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty halkara hyzmatdaşlygy boýunça German jemgyýetiniň regional taslamasy bilen bilelikde guradylar diýip, TDH habar berýär.

Seminaryň işine Daşary işler ministrliginiň, Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturanyň, sud organlarynyň, aklawçylar kollegiýasynyň wekilleri gatnaşýar.

Halkara ekspertleri hökmünde graždan hukugy boýunça Germaniýanyň belli spesialistleri çagyryldy.

Seminar şu gün öz işini dowam etdirýär diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG