Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň we Orsýetiň prezidentleri telefon arkaly gepleşik geçirdi


Öten agşam ABŞ-nyň we Orsýetiň prezidentleri telefon arkaly gepleşik geçirip, Orsýetiň Bütindünýä söwda guramasyna girmegini we Liwiýadaky ýagdaýy maslahat etdiler.

Barak Obama: “Şu ýyl Orsýetiň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagyny ABŞ goldaýar” diýdi.

Liwiýadaky ýagdaýa degip geçip, Dmitriý Medwedewiň: “Halkara güýçleriň urýan zarbalary netijesinde graždan ilatdan pidalaryň barlygy dogrusyndaky habarlar alada döredýär” diýendigini Kremliň metbugat gullugy habar berdi.

Obama Liwiýa garşy halkara sanksiýalary goldandygy we ýakynda liwiýa meselesi boýunça eden beýannamasy üçin Orsýetiň prezidentine minnetdarlyk bildirdi.

Medwedew birnäçe gün mundan öň žurnalistler bilen gürrüňde: “BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Liwiýada uçuşsyz howa giňişligini döretmek baradaky rezolýusiýasy Orsýetiň pozisiýasyna gabat gelýär” diýipdi.
XS
SM
MD
LG