Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iordaniýanyň paýtagtynda studentler çadyrdan lager gurdular


Iordaniýanyň paýtagty Ammanyň merkezinde studentler demonstrasiýasyna gatnaşyjylar çadyrdan lager gurdular. Olar korrupsiýa garşy protest bildirýärler we reformalaryň geçirilmegini talap edýärler.

Şeýle aksiýalar ýanwar aýyndan bäri geçirilýär.

Mundan öň Iordaniýanyň patyşasy Abdalla Ikinji syýasy reformalary süýrenjeňlige salýandygy üçin premýer-ministr Maruf Bakhita igendi.

Şondan öň Bakhit saýlaw kanunçylygyna we syýasy partiýalar baradaky kanuna üýtgetmeleri taýýarlamak üçin milli gepleşikler Komitetini döredipdi.

Yslamçylary goşmak bilen oppozisiýa liderleri patyşanyň häkimiýetini çäklendirmek arkaly ýurdy konstitusion monarhiýa öwürmek isleýärler.
XS
SM
MD
LG