Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýada pidalaryň sany 10 müň adama ýetdi


11-nji martda Ýaponiýada bolan ýer titremde we harasatda heläk bolanlaryň sany 10 müň adama ýetdi diýip, “Kiodo” agentligi habar berdi.

Spesialistleriň berýän bahasyna görä, weýran bolan regionlary dikeltmek ýurda 300 milliard gowrak dollara düşer.

Ýaponiýanyň sagdyn maliýe ýagdaýy dikeldiş işleri üçin çykdajylardan dynmaga mümkinçilik berer diýip, şu gün Halkara walýuta fondunyň ýolbaşçylary aýtdylar.

Şol bir wagtda-da Halkara walýuta fondunyň wekili: “Elektrik energiýasynyň ýetmezçilik etmegi dikeldiş prosesinde kynçylyklar döreder” diýdi.

Onuň sözlerine görä, ýapon haryt önümleri bilen üpjün etmegiň arasynyň üzülmegi-de HWF-ni alada goýýar. Şol ýagdaý dünýä senagatynyň dürli pudaklarynda üpjünçilik sistemasyna täsir ýetirip biler.
XS
SM
MD
LG