Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Bileleşigi Liwiýa boýunça beýannama kabul etdi


Brýusselde penşenbe güni açylan Ýewropa Bileleşiginiň sammiti dowam edýär.

Ýewrosoýuzyň liderleri Liwiýadaky ýagdaý boýunça beýannama kabul etdiler. Olar Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafini eglenmezden häkimiýetden çekilmäge çagyrdylar.

“Demokratiýa geçmek barasynda ýurtda umumymilli dialog başlanmaly” diýlip, dokumentde bellenýär.

ÝB Bengazi şäherinde liwiýa oppozisiýasynyň döreden wagtlaýyn Milli geňeşi bilen gepleşiklere taýýardygyny hem bildirdi.

Sammitde Kaddafiniň režimine garşy täze sanksiýalary girizmek barada karar kabul edildi. Şol gadaganlyklar, hususan-da, liwiýa nebitiniň we gazynyň eksportundan režimiň girdeji almagyna päsgelçilik döretmegi göz öňünde tutýar. Liwiýanyň Milli nebit korporasiýasynyň ÝB ýurtlaryndaky maliýe serişdeleri doňdurylar.
XS
SM
MD
LG