Sepleriň elýeterliligi

Mýanmadaky ýer titremesinde 40 adam heläk boldy


Mýanmanyň demirgazygynda dörän ýer yranmasynda azyndan 40 adamyň heläk bolandygy habar berilýär.

Bu ýer yranmasy penşenbe güni Taçileik şäheriniň golaýynda boldy. Bu tebigy heläkçigiň güýji 6,8 bala deň bolupdyr.

Ýer titremäniň täsiri Taýlandyň paýtagty Bankogda we Wýetnamyň paýtagty Hanoýda hem duýuldy.

Mýanmanyň döwlet radiosynyň berýän maglumatyna görä, bu ýer yranmada 244 öýe, 14 buthana we dokuz hökümet binasyna zeper ýetipdir.
XS
SM
MD
LG