Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistanda ýaragly hüjümçi şaýylara ot açdy


Anna güni Pakistanda ýaragly hüjümçi şaýy musulmanlaryna ot açdy.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, bu wakada sekiz adam ölüpdir, başga-da bäş adam ýaralanypdyr.

Bu ok atyşlyk Owganystanyň serhedine golaý Bagan şäherinde boldy.

Ýerli resmileriň aýtmagyna görä, hüjümçiler ýaraglardan iki ulagy oka tutupdyrlar.

Ölenleriň arasynda aýal we çaga hem bar.
XS
SM
MD
LG