Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýadaky köpçülikleýin protestler dowam edýär


Anna güni Siriýada müňlerçe hökümete garşy protestçiler syýasy reformalary talap edip köçelere çykdylar.

Protestçileriň uly topary Daraa şäheriniň merkezi meýdançasynda ýygnanyp, “Azatlyk, azatlyk” diýen şygarlary hem gygyrdylar.

Şeýle-de 200 töweregi adam paýtagt Damaskyň Marjeh meýdançasynda ýygnandy.

Penşenbe güni ýurduň dolandyryjy “Baas” partiýasy 1963-njy ýylda girizilen adatdan daşary ýagdaýlaryň ýatyrylmagyna seretmäge söz beripdi.

Emma, muňa garamazdan, protestler dowam edýär.
XS
SM
MD
LG