Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz türmelerinde tussaglar açlyk yglan etdiler


Anna güni Gyrgyzystanyň dört türmesinde tussaglar açlyk yglan etdiler.

Tussaglaryň ýakynlarynyň aýtmaklaryna görä, açlygyň üsti bilen, tussaglar gyrgyz türmelerindäki ýaramaz ýagdaýlara ünsi çekmek isleýärler.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň berýän maglumatyna laýyklykda, türme garawullary bilen tussaglaryň arasyndaky gepleşikler dowam edýär.

Häzirlikçe açlyk yglan eden tussaglaryň anyk sany belli däl.
XS
SM
MD
LG