Sepleriň elýeterliligi

Eýran BMG-niň geňeşiniň alan kararyny tankytlady


Eýran Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary geňeşiniň Eýrandaky adam hukuklary boýunça BMG-niň ýörite gözegçisini bellemek baradaky kararyny tankytlady.

Eýranyň Daşary işleri ministrligi bu “syýasy matlap bilen” edilen iş diýýär.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ramin Mehmanparastyň nygtamagyna görä, bu netijä “Birleşen Ştatlaryň basyşy” sebäpli gelnipdir.

Penşenbe güni bu baradaky rezolýusiýa boýunça ses berişlikde BMG-niň Ženewadaky Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 47 agzasynyň 22-si bu rezolýusiýany goldady, 7-si garşy çykdy, 14 agzasy hem ses bermekden saklandy.

Bu wezipe Geňeşde ilkinji gezek döredildi.

Eýran BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň agzasy däl.
XS
SM
MD
LG