Sepleriň elýeterliligi

Netanýahu Eýrandaky režim togtadylmaly diýýär


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň aýtmagyna görä, Eýranyň hökümetiniň režimi edil Liwiýanyň režimi ýaly togtadylmalydyr.

“Eýranyň ýadro niýetiniň we dünýäde agalyk etmek maksadynyň halkara howpsuzlygyna howp salýandygyny” Benýamin Netenýahu sözüne goşdy.

Premýer-ministr Netenýahu bu barada Orsýete edýän saparynyň dowamynda aýtdy.

Netenýahu penşenbe güni Moskwa gelipdi. Mundan bir gün ozal, Orsýetde Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas hem bolupdy.

Synçylaryň bellemegine görä, bu saparlaryň üsti bilen Palestin-Ysraýyl gepleşiklerindäki bökdençlikleri aradan aýyrmak maksat edinilýär.
XS
SM
MD
LG