Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çäreleriň geçişinden prezident nägile


Ýoluň ugrunda ýüz beren bu waka mynasybetli, wise-premýerler Mezilow bilen Ýazmuhammedowanyň döwlet baştutanyndan juda nägilelik sözlerini eşidendikleri barada aýdylýar, 25-nji mart.
Ýoluň ugrunda ýüz beren bu waka mynasybetli, wise-premýerler Mezilow bilen Ýazmuhammedowanyň döwlet baştutanyndan juda nägilelik sözlerini eşidendikleri barada aýdylýar, 25-nji mart.
25-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow medeni çäreleri, aýratyn-da baýramçylyk dabaralaryny geçirmekde türkmeniň kalbyna laýyk ruhubelentligiň, şadyýanlygyň, şatlyk-şagalaňyň höküm sürmelidigini nygtady.

Döwlet baştutany bu babatda işde gowşaklyga ýol berilýändigini belläp, çäreleri ýokary derejede guramaklygy wise-premýer Maýsa Ýazmuhammedowadan talap etdi.

Dabara gatnaşanlaryň aýtmagyna görä, ýoluň gyrasynda duranlar prezidentiň awtobusda geçjegine garaşmandyrlar.
Prezidentiň çäreleriň gowşak geçýändigi bilen bagly tankydy belligi 23-nji martda Aşgabatda Çandybil şaýolunyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabarada ýüz beren waka sebäp boldy.

Çandybil şaýolunyň açylyş dabarasy mynasybetli, umumy uzynlygy 12 kilometre barabar bolan ýoluň ugruna mekdep okuwçylarydyr, talyplar, býujet edaralarynda işleýänler hatara goýuldy. Olar adatdaky çärelerde bolşy ýaly, prezident ýoldan geçende ellerini bulaýlap, baýdaklary pasyrdadyp: «Arkadaga şöhrat!» diýip gygyrmalydylar.

Bu dabarada prezident iki gatly awtobusda Çandybil şaýolundan geçipdi. Dabara gatnaşanlaryň aýtmagyna görä, ýoluň gyrasynda duranlar prezidentiň awtobusda geçjegine garaşmandyrlar. Olar adatda bolşy ýaly, döwlet baştutanynyň gara «Mersedesde» geçerine garaşypdyrlar. Şu sebäpden, üç-dört sagatlap ýoluň ugrunda sadylla bolup duran adamlaryň käbiri, prezident awtobusan geçip barýarka, ýadawlykdan ýaňa çommalyp oturan ýerlerinden turmaga hem ýetişmändirler.

Ýoluň ugrunda ýüz beren bu waka mynasybetli, wise-premýerler Mezilow bilen Ýazmuhammedowanyň döwlet baştutanyndan juda nägilelik sözlerini eşidendikleri barada aýdylýar.

Şu günler talyplara dabaraly çärelerde döwlet baýdagyny nähili pasyrdatmalydygy barada ýörite sapaklar geçilýär.
Şu sebäpden, Çandybil şaýolunyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaranyň ertesi güni ýurduň ähli tele-radio kanallarynda bu ýol barada yzy üzülmeýän gepleşikler berlip başlandy. Edara-kärhanalarda, hususan-da bilim edaralarynda ýygnanyşyklar geçirilip ugraldy.

Çandybil şaýolunyň ugrunda ýüz beren waka ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna has-da agyr degdi. Şu günler olara dabaraly çärelerde özüňi nähili ruhubelent, şadyýan alyp barmalydygy hem-de döwlet baýdagyny nähili pasyrdatmalydygy barada ýörite sapaklar geçilýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG