Sepleriň elýeterliligi

Günorta Koreýa 27 deňizçini Demirgazyga gaýtaryp berýär


Günorta Koreýa geçen aý balykçy gämisi bilen öz suwlaryna geçen Demirgazyk Koreýaly deňizçileriň 27-sini ýurduna gaýtaryp berdi.

Demirgazyk Koreýa gämidäki deňizçileriň 31-siniň hem yzyna berilmegini talap etdi. Emma Seul dört deňizçiniň Günortada galmak isleýändigini we öz islegleriniň resmileşdirilmegi üçin ýüz tutandygyny aýtdy.

1953-nji ýylda Koreýa urşy tamamlanaly bäri 20 müňden gowrak demirgazykly Günorta Koreýa gaçdy.
XS
SM
MD
LG