Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ganly gozgalaňdan soň Siriýanyň port şäherine goşun girizildi


Hökümete garşy protestlerde iki adam öldürilenden bir gün soň Siriýanyň port şäheri bolan Latakiýa goşun bölümleri ýerleşdirildi.

Aktiwistler şenbe güni howpsuzlyk güýçleriniň dolandyryjy Baas partiýasynyň edara jaýlaryna ot bermäge başlan protestçileri oka tutandyklaryny aýdýarlar.

Häkimiýetler protestçilere edilen hüjümde ýaragly toparlary günäleýärler.

Prezident Başar al-Assadyň dolandyryşyna garşy demonstrasiýalar mahalynda anna güni günortadaky Deraa şäherinde we beýleki ýerlerde 20-den gowrak adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Siriýa häkimiýetleri ýekşenbe güni deraaly protestçi Daýana Žawabrany azat etdiler, onuň tussag edilmegi şu aý şäherde köpçülikleýin protestleriň möwjemegine itergi beripdi.

Häkimiýetler şenbe güni gozgalaňy ýatyrmak maksady bilen 260 sany syýasy tussagy azat etdiler.

Aktiwistler protestler başlaly bäri geçen iki hepdä golaý wagt içinde 126-dan gowrak adamyň öldürilendigini aýdýarlar.

Resmiler ölenleriň sanynyň 27-digini, olaryň 20-siniň protestçidigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG