Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedinejad prezident Berdimuhamedowa uçar eçildi


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad öz türkmen kärdeşine iki adamlyk uçar sowgat berdi diýip, IRNA habar gullugy ýazýar.

Habar gullugynyň maglumatyna görä, LSA uçarynyň bahasy 130 müň dollar.

Uçar Berdimuhamedowa ýekşenbe güni, onuň Tähran aeroportuna gelen wagty görkezildi.

Geçen hepde Berdimuhamedow Eýrana Nowruz baýramy mynasybetli 1000 tonna un peşgeş beripdi.

Ýekşenbe güni Eýranda Nowruz baýramynyň dabarlary başlandy. Oňa 19 ýurtdan ýokary derejeli myhmanlar, şol sanda Owganystanyň, Yragyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Ermenistanyň prezidentleri gatnaşýar.
XS
SM
MD
LG