Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýapon reaktorynda radiasiýa artansoň işçiler başga ýere geçirildi


Ýaponiýadan gowuşýan habarlarda ýer yranmasyndan we sunamiden zeper ýeten Fukuşima atom elektrik stansiýasynda roadiasiýanyň derejesiniň has ýokary galandygy we şu sebäpli ol ýerdäki işçileriň başga çere geçirilendigi aýdylýar.

Roýters habarlar gullugy Tokionyň Elektrik togy kompaniýasyna, AES-iň operatoryna salgylanyp, 2-nji reaktoryň binasynda radiasiýanyň kadaly derejeden 10 million esse köp toplanandygyny aýdýar.

Häkimiýetler bolsa, atom elektrik stansiýasynyň golaýyndaky deňizde radioaktiw ýoduň derejesiniň häzir normadan 1850 esse köpelendigini aýdýarlar.

BMG-niň Ýadro gözegçiligi gullugynyň başlygy Ýukiýa Amano ýapon AES-iniň krizisiniň entek soňlanardan gaty irdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG