Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahallylar alililermi?


Möwlamow: "Häzirki Ahal töwerekleri türkmenleriň öz arasynda «Kese arkaç» ady bilen ýörgünlidi".
Möwlamow: "Häzirki Ahal töwerekleri türkmenleriň öz arasynda «Kese arkaç» ady bilen ýörgünlidi".
Merhum alym Soltanşa Atanyýazowyň 1994-nji ýylda «Turan — 1» neşirýaty tarapyndan Aşgabatda çapdan çykarylan, türkmeniň nesil daragty hakda gürrüň berýän «Şejere» atly kitaby hakda özümiň ikinji bir belligimi hem aýtmak isledim. Meniň bu belligim Soltanşa Atanyýazowyň türkmen tireleriniň biri bolan «alilileriň» gelip çykyşy hakynda.

Soltanşa Atanyýazow özüniň bu kitabynda ýene rus alymy G.I.Karpowyň işlerine salgylanmak bilen, «alili» sözüniň «ala il», «agzala il», «Alynyň ili» diýen ýaly manylarynyň bardygyny aýdyp, alilileriň Kaka etrabynda, Daşoguz welaýatynyň käbir etraplarynda, Lebap welaýatynyň Dänew, Farap etraplarynda, Buharada ýaşaýandyklaryny belleýär we olaryň on dördünji asyryň ortalarynda Aly Jora diýen adamyň penasyna özlerini atandyklary üçin «Ali ili», ýagny «alili» adyny alandyklaryny ýazýar. Soňra alym şahyr Magtymguly Pyragynyň: «Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup, kylsa bir jaýga ýörişni, açylar gül lälesi» diýen setirlerini mysal getirip, hamala Magtymguly Pyragy öz goşgusynda «Ahal ili» diýmek bilen, «alili» sözüni gysgaldyp alypmyş, aslynda «Ahal ili» diýen söz «aal ili—alili» bolmalymyş. Diýmek, Soltanşa Atanyýazowyň düşündirişine görä, Ahal ili hem alililermiş.

Derekli çeşmäň bolmasa, näme ýazsaň, ýazyp oturmaly. Daşoguzda, Lebapda, Özbegistanda, Kaka etrabynda, ýene-de gör, nirelerde ýaşap ýören adamlaryň barysynyň üýşüp baraga-da Uzboýuň orta akymynda ýaşaýan Aly Jora diýen adamyň penasyna özlerini atyp, «Alynyň ili», ýagny «alili» diýen ady alandyklary hem ynanyp bolar ýaly pikir däl, üstesine-de olara birden Ahal ili hem goşulyp, «alililer» bolýar welin, ýazylýan zatlara haýran galýarsyň. Nädip, beýdip, biri-birine asla galtaşmajak zatlary biri-birine ýanap, goşup bolýar diýip, pikir edýäň.

Alili bilen Ahalyň näme tapawudynyň baryny bilmek üçin kösenip, faktlary çöplemek üçin gaty uzaklara gidip ýörmeli däl. Eliňi gapdaldaky goňşyňa tarap uzadyp, arap-pars çeşmelerini dörüp goýbermeli. Eýranlylar «Ahal» sözüni welaýat manysynda ýazanda üsti nokatly «h», ýagny «hy» bilen ýazýarlar. (Araplarda hem parslarda her harpyň birnäçe görnüşiniň baryny unutmalyň). Üsti nokatly «h» bilen ýazylanda «Ahal» sözi «Taşlanan, zyňlan» manyny berýär. Öň basylyp alnyp, ýa-da ýaşalyp, soň zyňlyp, taşlanyp gidilen ýer, ýa-da nämedir bir taşlanyp gidilen zat. Eger «Ahal» sözi «hi-höwwez» harpyny berýän, türkmen dilindäki «ö» harpyna meňzeş, togalak «h» bilen ýazylsa, onda «ahal» sözi «halk, ilat» diýen manyny berýär, ýagny «halkyň, ilatyň ýaşaýan ýeri, ilatly ýer, adamly ýer» diýen manyda.

Ine, «Ahal» sözüniň-ä manysyny tirip berdim. «Alili» sözüniň manysyny bilmek isleýänler tapylsa, geljekde ol hakda-da gyzyklanmagym mümkin.

Birinjiden-ä, «Şejere» atly kitapdaky örän ýalňyş zatlaryň alymlar tarapyndan düzedilmegi gerek. Ikinjidenem, häzirki Ahal töwerekleri türkmenleriň öz arasynda «Kese arkaç» ady bilen ýörgünlidi. «Men aglaman neýläýin, Galdy ata Watanym, Arkaç galdy, Aýnam» diýip, bagşy Orazgeldi Ylýasowyň aýdýan aýdymynda hem Kese arkajyň ady getirilýär.

Salgylanmaga çeşme ýok ýerde herki zat ýazylýar. Salgylanmaga çeşme tapylan halatynda kimdir biri onuň ýazylmagyny islänok. Şeýdip, hakyky taryh henizem nesillere ýetmän barýar.

Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Goşmaça: Soltanşa Atanyýazowyň «Şejere» atly kitabynyň 48-49-njy sahypalary.

Ulaldyp görmek üçin üstüne basyň.





XS
SM
MD
LG