Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň ileri tutýan maksady


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin “Lukoil” kompaniýasynyň Hazardaky nebit platformasyna sapar edýär, 28-nji aprel, 2010-njy ýyl.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin “Lukoil” kompaniýasynyň Hazardaky nebit platformasyna sapar edýär, 28-nji aprel, 2010-njy ýyl.

Halkara koalisiýanyň harby uçarlary nebite baý Liwiýa garşy harby operasiýany geçirip, Ýaponiýa Fukuşimada radiasiýanyň ýaýramazlygy üçin tagalla baryny edip ýörkä, tutuş dünýäde energiýa üpjünçiliginiň geljegi barada alada edilýär. Ýöne Orsýetde welin beýle alada ýok.


Ýakyn Gündogarda dowam edýän gozgalaňlaryň energiýa üpjünçiligini bir ujundan gemrip ugramagy bilen geçen hepde nebitiň bahasy barrel başyna 105 dollara golaýlady. Mundan hem özüni global energiýa halasgäri edip hödürlemek bilen gazanç etmäge synanyşýan - Orsýet.

Premýer-ministr Wladimir Putin Orsýetiň tutuş içkerki önüminiň geljek ýyla çenli maliýe krizisinden öňki derejesine ýetjekdigi barada çaklama edip, Ýaponiýa kömek etmegi wada etdi.

Putin: “Sarsgyn we sunamiden energiýa üpjünçiligine ýeten zyýanlar uzaga çeker” diýdi. “Biz bu babatda uglewodorod çykarmak boýunça proýektlerimizi güýçlendirjek planlarymyz barada oýlanmaly, aýratyn hem Uzak Gündogarda gaz çykarmaly”.

Käbir analitikler: “Orsýetiň öz ünsüni global energiýa üpjünçiligi boýunça roluna gönükdirmegi hökümetiň ykdysady reformalary ýola goýmak umydyny başa bardyrmaz” diýip, duýduryş berýärler.

Syýasy analitik Andreý Piontkowskiniň pikiriçe, Ýakyn Gündogar wakalarynyň Orsýete kömegi degmez, ýöne onuň krizisden öňki ýagdaýa dolanmagyny çaltlandyrýar.

“Biz resmi propaganda şygarlarynyň ‘ägirt energiýa güýji’ diýip öwünmegi bilen 2006-njy we 2007-nji ýyllaryň altyna asyryna dolanyp barýarys. Bu bir gysga wagtlaýyn gaty gowy zat. Ýöne onuň ýurt üçin zyýanlydygyna şübhe ýok” diýip, Piontkowski aýdýar.

Piontkowski: “Bu wakalar ors ýolbaşçylarynyň umumy pikirleniş ýoluny, Günbatara garşy ritorikany güýçlendirmegine getirdi” diýýär. Ol bu barada prezident Dmitriý Medwedewiň günbatar ýurtlaryny Ýakyn Gündogardaky gozgalaňlary güýçlendirenlikde tankytlamagyna salgylanýar.

“Esasy kart”

Emma Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşini Liwiýa garşy güýç ulanylmagyna ygtyýar berenlikde aýyplap, ony ýiti ýazgaran Putin boldy. Ol: “Öten hepde çykan karar günbatar ýurtlaryna parahat ilaty goramak bahanasy bilen bir özbaşdak döwlete garşy herekete geçmäge ýol açdy” diýdi.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Liwiýa garşy harby operasiýlary geçirmek baradaky rezolýusiýasyny “Orta asyryň haçly ýörişe çagyryşlary” bilen deňeşdirdi.

Emma prezident Medwedew bu beýanaty şol bada ýazgaryp, ony “kabul ederliksiz” diýip häsiýetlendirdi. Ses berişlikde hem Orsýet rezolusiýany weto etmedi, emma ses bermekden saklandy.

“Russia in Global Affairs” žurnalynyň redaktory Fýodr Lukýanow: “Bu Orsýetiň Günbataryň tarapyna geçendigini aňladanok. Orsýetiň globallygy peselýär. Bu hem, mysal üçin, hemme ýerde we her bir zatda Waşingtona garşy çykmak pikiriniň indi möhüm däldigini görkezýär” diýýär.

Energiýa eksportyny güýçlendirmek Orsýetiň ileri tutýan maksady – bu belli zat. Ýöne ony häzirki derejesinde saklamak aňsat düşmese gerek.

“Brookings” institutynyň ykdysadyýetçisi Klifford Gaddiniň pikiriçe bolsa, Orsýetiň energiýa sektoryndan başga sektorda bäsdeşlik edere mümkinçiligi ýok.

“Siz ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegi näçe arzuw etseňiz ediberiň, Putini ýa başga birini bu işi etmeýär diýip tankytlaň ýa etjek bolýar diýip öwüň - bularyň hiç bir manysy ýok. Beýlekiler bilen deňäniňde, bäsdeşlikde Orsýetiň tebigy resurslaryndan başga zady ýok. Şol sebäpli, onuň üçin iň gowy zat - şu karty oýnamak” diýip, Gaddi aýdýar.
XS
SM
MD
LG