Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan Garabagda «bikanun obalaryň» döredilmegini tankytlaýar


Azerbaýjan şu gün Ermenistany dawaly sebit bolan Dagly Garabagyň golaýyna 14 müň çemesi adamy bikanun ýerleşdirmekde günäledi.

Azerbaýjanyň daşary işler ministrliginiň beýanatynda bu sebitdäki «bikanun obalaryň» dowam edýän gepleşiklere zeper ýetirýändigi we konfliktiň gutarnykly çözülmegine çynlakaý howp salýandygy aýdylýar.

Şeýle-de ministrlik 1990-njy ýylda bolan uruşda ýaragly ermenilerden gaçan ýerli azerileriň emläginiň tozdurylýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG