Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyrgyz türmelerinde müňlerçe tussag açlyk çekýär


Gyrgyz resmileri ýurduň 11 türmesiniň altysynda we 5 tussaghanasynda tussaglaryň açlyk çekýändigini aýdýarlar.

Türme sistemasynyň resmisi Kalybek Kaçkynalyýew bu protestiň 25-nji martda 3 türmede başlanyp, soň beýleki ýerlere hem ýaýrandygyny aýtdy.

Türme, düzediş sistemasynyň metbugat gullugy bu açlyga tussaglaryň 50 prosentden 70 prosente çenli gatnaşýandygyny aýdýar.

Tussaglaryň 70 çemesi garyndaşy Bişkekde hökümet binasyynyň öňüne ýygnanyp, türme şertlerini gowulandyrmak we tussaglaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça gyssagly çäreleriň görülmegini talap etdi.
XS
SM
MD
LG