Sepleriň elýeterliligi

“Amnesty International” jezalandyryp öldürmegiň azalandygyny aýdýar


Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” topary dünýäde ölüm jezasyny bermegiň azalýandygyny, ýöne heniz hem her ýyl müňlerçe adamyň jezalandyrylyp öldürilýändigini aýdýar.

Ölüm jezasy esasan Aziýa hem Orta Gündogar ýurtlarynda köp ulanylýar.

“Amnesty International” guramasynyň täze hasabaty, Hytaýy almanyňda, 2010-njy ýylda azyndan 527 adamyň jezalandyrylyp öldürilendigini aýdýar. 2009-njy ýylda 714 adamyň jezalandyrylyp öldürilendigi aýdylypdy.

Hasabatda Hytaýyň 2010-njy ýylda müňlerçe adamy jezalandyryp öldürendigi, ýöne bu ýurduň ölüm jezasynyň ulanyşyny ýaşryn saklaýandygyny aýdýar.

Eýranda azyndan 252, Demirgazyk Koreýada pesinden 60, Ýemen 53, Birleşen Ştatlarda 46, Saud Arabystanynda azyndan 27 adam jezalandyrylyp öldürildi.

Şeýle-de hasabatda ölüm jezasynyň 2010-njy ýylda Ýewropa hem dolanyp gelendigi, Belarusda 2 adama ölüm jezasynyň berlendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG