Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýaşyllar Merkeliň Hristian demokratik partiýasyndan üstün çykdylar


Germaniýanyň ýadro energiýasyna garşy Ýaşyllar topary ýurduň günorta-günbatar ştaty bolan Baden-Waertembergde bolan saýlawda kansler Angela Merkeliň dolandyryjy koalisiýasyndan öňe saýlandylar.

Ýaponiýanyň Fukuşima atom elektrik stansiýasynda bolan hadysadan soň geçen saýlaw kampaniýasynda ýadro energiýasy esasy meselä öwrüldi we Ýaşyllar ýekşenbe güni geçen saýlawda 24 prosent gowrak köp ses aldylar.

Bu utuş partiýany 23 prosent ses alan Sosial demokratlar bilen koalison hökümet düzmek pozisiýasyna iterýär.

Merkeliň konserwatiw Hristian demokratlary, soňky 60 ýylda döwlet häkimiýetini elde saklan partiýa 39 prosent ses aldy. Bu olaryň koalisiýa partnýorlaray bolan Azat demokratlar bilen hökümet bolmagyna ýeterlik däl, sebäbi Azat demokratlar 5 prosent ses aldy.

Ýaşyllar Germaniýada ýadro energiýasynyň ulanylmagyny bes etmek isleýärler.
XS
SM
MD
LG