Sepleriň elýeterliligi

Ýapon hökümeti radiasiýa kesgitlemesinde ýalňyş bolmasyn diýýär


Ýapon hökümeti ýer yranmasyndan we sunamiden zyýan çeken atom elektrik stansiýasynda radiasiýa derejesini kesgitlemekde ýalňyş goýberilmegini düýpden bolmajak zat hökmünde ýazgaryp çykyş etdi.

Hökümet sözçüsi Ýukio Edano bu tankydy çykyşy şu gün, AES-iň operatory, Tokio elektrik energiýasy kompaniýasy zyýan gören reaktoryň golaýyndaky suwda radiasiýanyň derejesi kadaly ýagdaýdan 10 million esse kän diýen habary ýaýradandan bir gün soň etdi.

Resmiler biraz soň, radiasiýa derejesi howplulylygyna galýan hem bolsa, bu hasaplamalaryň ýalňyşdygyny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG