Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda partlan ýük maşyny azyndan 13 adamy öldürdi


Owganystandan gelýän habarlarda günorta Owganystanda bir gurluşyk kampaniýasynda partlan ýük maşynynyň azyndan 13 adamy öldürip, 50 çemesi adamy ýaralandygy aýdylýar.

“Associated Press” ol maşynyň partlaýjy maddadan mas ýüklenendigini we ýekşenbe güni giçlik, Paktiýa welaýatynyň Barmal etrabynda partlandygyny ýazýar.

AFP habar gullugy welaýatyň hökümet sözçüsine salgylanyp, ol maşynyň janyndan geçen bombaçy tarapyndan partladylandygyny aýdýar.

Partlamanyň pidasy bolanlaryň arasynda inženerleriň, gurluşykçy işçileriň we howpsuzlyk işgärleriniň hem bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG