Sepleriň elýeterliligi

Kaddafiniň güýçleri yza çekilýär, pitneçiler öňe süýşýär


Liwiýanyň hökümdary Muammar Kaddafiniň güýçleriniň yza çekilýändigi aýdylýar, oppozisiýa söweşijileri bolsa, BMG-niň uçuş gadaganlygy baradaky rezolýusiýasynyň arkasyndan barha öňe süýşýärler.

Indi oppozisiýanyň gündogar Liwiýadaky nebit terminallarynyň ählisini kontrol astyna alandygy aýdylýar.

Pitneçiler biraz öň Ajdabiýany yzyna alanlaryndan soň gündogardaky kenarýaka şäherleri, Ras Lanufy, Bregany, Ukaýla bilen Bin Jawady hem ele geçirdiler.
XS
SM
MD
LG