Sepleriň elýeterliligi

80 ýaşly Şapudakowyň ruhy hassahana ýerleşdirilendigi aýdylýar


Türkmenistandaky habarçymyz garrygalaly Amangelen Şapudakowyň häkimiýetler tarapyndan ruhy hassahana ýerleşdirilen bolmagynyň ahmalydygyny aýdýar.

80 ýaşly Amangelen aga ýerli häkimiýetleri tankytlany üçin yzarlanýanlygyny aýdyp, ýokary guramalara arz-şikaýat edýärdi. Ol bu ýagdaý barada Azatlyk Radiosyna hem birnäçe gezek interwýu beripdi.

Habarçymyz bu habary düýn Magtymguly etrabynyň polisiýa bölümindäki nobatçynyň hem tassyklandygyny aýtdy.

Şapudakowyň haçan we haýsy ruhy hassahana salnany belli däl.

Adynyň tutulmagyny islemedik obadaşynyň aýtmagyna görä, ol 7-nji martda ýerli polisiýa bölümine çagyrylypdyr.

Tanaýan adamlar ýaşulyda süýji keseliniň ötüşen alamatlarynyň bardygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG