Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Näme üçin talyplar umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamak islemeýärler?


S.Gulgeldiýew: "Belki, täze binalara göçülensoň, talyplaryň-da, olary garawullaýan mugallymlaryň-da arkasyna ýel çalar".
S.Gulgeldiýew: "Belki, täze binalara göçülensoň, talyplaryň-da, olary garawullaýan mugallymlaryň-da arkasyna ýel çalar".
Talyplyk ýyllary hiç kimiň-de ýadyndan çykmaýar. Okuw, ekzamenler hernäçe kyn hem bolsa, ýaşlyk döwrüniň iň gözel çagynyň geçirilýän ýeri — talyplyk durmuşynda ýaşalan ýerler adam üçin iň bir ýakymly ýatlamalar bolup durýar. Bile okaýan deň-duşlaryň bilen başdan geçirýän wakalaryň ýatdan çykmajak wakalara öwrülýär.

Okuw mekdepleri (isle, ol ýokary okuw bolsun, isle, orta professional okuw) özüniň dörän döwründen gapdalyndan talyplar ýaşar ýaly jaý gurýar. Olara «Umumy ýaşaýyş jaýlary» diýilýär. Megerem, bu hemme ýurtda-da şeýle bolsa gerek.

Kireýine töläp ýaşamaly jaýlary gymmat görýän talyplar umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýarlar. Umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamak bir tarapdan amatly —häli-şindi mugallymlar aýlanyp, gözegçilik edip durýarlar, deň-duşlaryň bilen düşünmeýän soragyňy bile çözüp bolýar.

Ýöne şeýle gowy zatlaryň barlygyna seretmezden, sowet döwründe-de, häzirki döwürde-de talyplar öz okuw mekdepleriniň umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamakdan gaçýarlar. Olar pul töläp, kireýine ýaşalýan jaýlara göçýärler. Bu näme üçin şeýle bolýarka?

Bu sowala jogap bersek welin, talyplyk ýyllarynyň iň ýakymsyz ýatlamalary örboýuna galar.

Talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlaryndan gaçmagynyň birinji sebäbi — sowet döwründe gurlan umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýyş şertleri örän kyn. Her etažda bir gaz plita, her umumy ýaşaýyş jaýynda erkekler üçin bir, gyzlar üçin bir hajathana bar.

Gaz plitada nahar bişirmek nobaty ýetmän geçýär. Şagyr-şugur gowrup iýäýmeli nahary bişiräýmeseň, uzak gaýnaýan çorba, ýa-da uzak wagtlap buga goýmaly tüwi bişirseň, gaz plitanyň ýanynda garawul duraýmasaň, naharyňy gazany bilen ogurlap gidýärler. Kimiň alanyny-da bilmän geçersiň. Naharyny iýip bolanlaryndan soň, içine «Taňryýalkasyn» diýen söz ýazylan kagyzy atyp, gazanyňy gaz plitanyň üstünde goýup gidýärler.

Umumy ýaşaýyş jaýlary gyşyna mydama sowuk bolýar. Şonda tok peç ulanyp, otaglaryny otlaýan, soňra ummasyz jerime töleýän talyplar az bolanok.

Hajathanalar

Munuň-da üstesine, sowet döwründen galan çüýrük kanalizasiýalar mydama ýarylýar. El-ýüz ýuwmak üçin, suwa düşmek üçin çekilýän suw turbalary mydama ýarylýar. Çüýrük turbalary ýamap ýetişseň, ýarylyp ýetişýär.

Talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlarynda günüň-güni ýüz berýän ýene bir ýaramaz ýagdaý — hajathananyň ýetmezçilik edýänligi sebäpli talyplaryň, aýratyn-da erkek oglanlaryň hajathanalyk ýagdaý ýüze çykanda ýaramaz edähede ýüz urmaklary — olar öz ýaşaýan otaglarynyň balkonlaryndan (islendik etaždan) aşaklygyna buşukmagy hiç zatça görmeýärler. «Buşugyň ysyndan durup bolanok» diýip, kireýine jaýlara göçýänlerem kän. Käsi gazly suwlardan boşan baklaşkalary buşukdan dolduryp, aşaklygyna zyňyp goýberýärler. Utanman, has beterräk iş edýänlerem bar. Beterräk işlerini olar gazetlere dolap, aşak oklaýarlar. Ine, onsoň, şeýle biedeplik edýänleriň ýanynda arassa ýaşamagy gowy görýänler bu ýerde ýaşamak islemän, kireýine ýaşalýan jaýlara göçýärler.

Ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, jogapkär ýolbaşçylary gije-gündiz aýlanyp, talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlaryny gözegçilikde saklaýarlar. Ýöne şeýle-de bolsa, talyplar ol ýaramaz işlerini etmäge wagt tapýar, gijäniň ýarynda edýär ýa-da daňdan — hemmeleriň süýji ukuda uklap ýatan wagty edýär, garaz etmän goýanok. Ýigrimi dört sagadyň dowamynda-da olary garawullap bolanok. Onsoň, Gün dogansoň, aglamjyrap buşukly baklaşkadyr nejasatly gazetleri çöpläp ýören tam süpürijileri görüp, diňe baş ýaýkap oňaýmak galýar.

Türkmenistanyň politehniki institutynyň talyplarynyň eden jenaýatçylykly işinden soň ýurduň ähli okuw jaýlarynyň kireýine öýlerde ýaşaýan talyplary öz okaýan okuw mekdepleriniň umumy ýaşaýyş jaýlaryna ýygnalyp başlandy.

Häzirki döwürde döwlet ähli ýokary okuw mekdepleriniň täze okuw korpuslaryny hem-de umumy ýaşaýyş jaýlaryny gurýar. Şol umumy ýaşaýyş jaýlarynyň her otagynyň öz aşhanasynyň hem hajathanasynyň bardygyny aýdýarlar. Belki, täze binalara göçülensoň, aşhanasyz hem hajathanasyz kösenýän talyplaryň-da, olary garawullaýan mugallymlaryň-da arkasyna ýel çalar.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG