Sepleriň elýeterliligi

Mubarek we onuň maşgala agzalary öý tussaglygynda


Müsüriň öňki prezidenti Hosni Mubarek we onuň maşgala agzalary kurort şäheri Şarm-al-Şeýhde öý tussaglygynda saklanýar diýlip, Ýokary harby geňeşiň beýannamasynda habar berilýär.

Köpçülikleýin protest aksiýalary netijesinde 11-nji fewralda Mubarek häkimiýetden çekilipdi. Şondan bäri Müsüri Ýokary harby geňeş dolandyrýar.

Mübärek ýurtdan çykdy, ol häzir Saud Arabystanynda - diýen informasiýalary harbylar ýalana çykardy.

Müsüriň baş prokurory öňki prezidentiň ýurtdan çykmagyna gadaganlyk girizdi, onuň banklardaky maliýe serişdeleri doňduryldy. Ýöne şu wagta çenli Mubarege haýsydyr bir resmi günä bildirilmedi.
XS
SM
MD
LG