Sepleriň elýeterliligi

Kosowanyň prezidentiniň saýlanyşy bikanun hasaplandy


Kosowanyň konstitusion sudy geçen aý Bejet Pakkoliniň respublikanyň prezidenti saýlanmagyny bikanun diýip ykrar etdi.

Oppozisiýa Pakkoliniň Konstitusiýa laýyk gelmezden saýlanandygy baradaky şikaýaty suda ýollady we parlamentde ses berişlikde düzgün bozmalaryň bolandygyny öňe sürdi.

Sentýabr aýynda öňki prezident Fatmir Seýdiu iş başyndan çekilmäge mejbur bolupdy. Ol prezident wagty kanunyň garşysyna gidip, syýasy partiýa baştutanlyk edipdi.
XS
SM
MD
LG