Sepleriň elýeterliligi

Belarusda polşaly žurnaliste türme tussaglygy abanýar


Polşanyň täsirli “Gazeta Wyborçeý” neşiriniň Belarusdaky korrespondenti Anjeý Poçobuta Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkony masgaralamakda günä bildirildi. Žurnaliste iki ýyl türme tussaglygy abanýar.

Belarusyň prokuraturasynyň maglumatyna görä, bildirilýän günä “Gazeta Wyborçeýde” we oppozision saýtlaryň birinde Poçobutyň çap etdiren on makalasynyň mazmunyna esaslanýar.

Bellenişine görä, şol makalalarda awtor Lukaşenkonyň awtoritar dolandyryş stilini tankyt edýär.

Anjeý Poçobuta Polşa bilen serhede ýakyn ýerleşýän Grodno şäherinde işleýär.
XS
SM
MD
LG