Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýada ölenleriň sany 11 müň adamdan geçdi


“Fukusima-Daiçi” AES-ny dolandyrýan “Tokionyň elektrik energiýasy kompaniýasy” stansiýanyň ikinji reaktoryndan radioaktiw suwuň syzandygyny habar berdi.

Suw reaktorly jaýa alyp barýan ýerasty ötükde tapyldy. Stansiýanyň işgärleri arassalaýyş işlerini geçirýärler. Töwerege radioaktiw suw çykmandyr.

Ýaponiýada bolan tebigy heläkçilik netijesinde ölenleriň sanynyň 11 müňden geçendigi, at-dereksiz ýitenleriň 17 müň adam töweregidigi habar berildi.
XS
SM
MD
LG