Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Kaddafi güýçleriniň togtadylandygyny aýdýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Liwiýanyň hökümdary Muammar Kaddafiniň «mazaly gowşadylandygyny», onuň liwiýa oppozisiýasyna garşy harby kampaniýasynyň BMG-niň uçuş gadaganlygy baradaky kararyny durmuşa geçirýän Halkara koalisiýasy tarapyndan togtadylandygyny aýtdy.

Obama duşenbe güni agşamlyk Waşingtonda eden çykyşynda özüniň halkara koalisiýasyna goşulmak kararyna Kaddafi öz režimini saklamak üçin Liwiýadaky garşydaşlaryny gyrjagyny aýdyp haýbat atandan soň gelendigini aýtdy.

Obama Birleşen Ştatlaryň öz ýaranlary bilen 40 ýyldan gowrak häkimiýet başynda bolan Kaddafiniň iş başyndan çekilmegine basyş etmek üçin işleşjegini hem sözüniň üstüne goşdy.

Ýöne ol ABŞ-nyň Kaddafi režimini agdarmak üçin göni güýç ulanmajagyny, Yrakdaky ýaly režim çalşygyna goşulmagyň Amerikanyň bähbidine däldigini nygtady.
XS
SM
MD
LG