Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafi güýçleri «ýitirim etmelerde» aýyplanýar


Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” topary Liwiýanyň hökümdary Muammar Kaddafä ygrarly güýçleri oppozisiýany dargydyp, Kaddafiniň režimini dowam etdirmek üçin zorlukly ýitirim etme kampaniýasyny alyp barmakda aýyplaýar.

“Amnesty International” öz Liwiýadaky işgärlerinde ýitirim edilen adamlaryň 30-dan gowragy barada subutnama bardygyny aýdýar.

Ýitirim edilen adamlaryň arasynda syýasy aktiwistler, pitneçi söweşiji ýa olaryň tarapdary diýip güman edilýän adamlar hem bar.

“Amnesty International” guramasynyň Orta Gündogar we Demirgazyk Afrika bölüminiň direktory Malkolm Smart «ol ýerde Kaddafiniň režimine oppozisiýa diýip güman edilýän islendik adamy tutmak, hiç kime görkezmän saklamak we günbatar Liwiýadaky berk tussaghanalara geçirmek boýunça sistemalaýyn syýasat alnyp barylýana çalym edýär» diýýär.
XS
SM
MD
LG