Sepleriň elýeterliligi

Umarow Moskwa aeroportundaky partlamada aýyplandy


Orsýet Kawkazdaky çeçen pitne serkerdesini golaýda ýurduň iň köp adamly aeroportunda bolan kast ediş hüjümini gurnamakda resmi taýdan aýyplandygyny aýdýar.

Orsýetiň Baş prokuraturasy şu gün Doku Umarowyň 24-nji ýanwarda Moskwanyň "Domodedowa" aeroportunda bolan partlamany gurnamakda aýyplanandygyny aýtdy. Bu hüjümde 37 adam ölüp, 180 adam ýaralanypdy.

Geçen aý internetde ýerleşdirilen widoýazgyda Umarow bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG